- uçlamak
- işlik[u:çlamak]1) Piläni gyzgyn suwda gaýnadyp ýüpegiň ujuny almak, ýüpegiň ujuny çykarmak.∙ Tabşyrygy 215 prosent ýerine ýetirip, 264 kilogram uçlamagyň deregine 569 kilogram pile uçlapdyr. (K. Işanow, Watan Üçin)2) Bir zadyň ujuny ellemek, ujundan tutmak.∙ Togalak aksakgal sakgalyny uçlap başyny ýaýkady, adamlara bakan gözüniň agyny oýnadyp, mähribanlyk bilen sözledi. (Aýbek, Nowaýy)∙ Aýlar ony synlap golun uçlady. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.